Apps by Ahmet Kemal Ceylan
Gurhan Radiosy app icon

Education

Gurhan Radiosy

Ahmet Kemal Ceylan

Free download In-app purchases unconfirmed
Open on Apple

About this app

Eziz adamlar, size tehnologiýanyň mümkünçiliklerinden peýdalanyp Türkmen dilinde Gurhan radiosyny hödürleýäris. Islän ýeriňizde, islän wagtyňyz mukaddes Gurhan sürelerini Türkmen dilinde diňläp bilersiňiz. Şeýle hem dünýäniň niresinde bolsaňyzam namaz wagtlaryny, Kybla tapýan bölümi, saýlanan dogalar bölümini programmamyzdan tapyp bilersiňiz. Şeýle uly proýekti etmäge mümkünçilik tapanymyz üçin Allatagala ýüz müň kerem şükür edýäris. Ylahym biziň hemmämizi, külli Türkmen ilini dogry ýoldan aýyrmasyn we bizi hak ýolda üstünlige ýetirsin. Öz ene dilimizde Gurhan Radiosyny taýýarlamagymyza pygamberimiz Hz.Muhammet (s.a.w) sallallahu aleýhi we sellemiň şu mübärek sözleri itergi berdi: Allatagala gürrüňsiz bu Kuran bilen amal edýän we okaýan kowumlary beýgelder. Onuň bilen amal etmeýänleri we ony okamaýanlary bolsa peselder. (Hz.Muhammet (s.a.w) Haçan-da Türkmenler Gurhan okap, düşünip, şonuň bilen amal eden wagtlary beýgeldiler. Haçan-da bolsa Gurhan okap, onuň bilen amal etmegi taşlan wagtlary bolsa har boldular. Hiç wagtam galyp bilmediler. Bize düşen hem dünýä hem ahyrýet bilen bagly işlerimizi Gurhan nukdaýnazaryndan seretmek we ýerine ýetirmek bolmalydyr. Şany belent Gurhan hemmämizi ylym-bilim, tehnologiýa, kär edinmek, halal hem döwletli baýlyk gazanmak bilen hem dünýäde güýçlenmegi, ybadat, namaz, dileg-doga, zikir, şükür, sadaka, zekat we Alla söýgüsi bilen bolsa ahyrýetimize inwestisiýa etmäge çagyrýar. Bu işleri eden çagyňyz hem esasy maksat diňe Allanyň razylygyny gazanmak bolmaly. Magtymguly hezretleriniň aýdyşy ýaly: “Minnet bilen kylnan namaz ýol almaz”. Gurhany diňe metjitlerde okalýan kitapdyr öýtmän durmuşymyzyň her pursadynda okamagymyz we diňlemegimiz gerek. Eliňizdäki programma islän ýeriňizde (işde, öýde, ýolda, maşynda...) öz ene diliňizde Gurhan mealyny diňlemäge mümkinçilik berýär. Şany belent Gurhan hem bu dünýämizi hem ahyrýetimizi ýagtyltjak çyragdyr, ýolbeletdir. Bu ýoly yzarlanlar Allaň kömegi bilen azaşmadylar, ýoluny ýitirmediler. Mukaddes Gurhan bize şuwagt suw ýaly zerur. Uludan-kiçä Gurhana düşünmegimiz we amal etmegimiz gerek. Başardygymyzdan programmany taýýarlamaga çalyşdyk. Gurhan radiosy näçe köp adama ýetse, köp adamlar bilen şu programmany paýlaşsaňyz, bize ýene-de täze programmalary ýasamaga hujuw berer. Şeýle programmalaryň sanynyň köpelmegi üçin köp adama şu programmany ugratsaňyz minnetdar bolardyk. Şeýle hem sogabyna şärik bolarsyňyz. Bar arzuwym eziz halkymyň ýene-de Yslamyň we Gurhanyň hakyky mirasdüşer kowmy bolmagy...

Latest release

What’s New

Version 4.0 Jan 12, 2023

Fixed some bugs.

Audience growth

Ratings growth

Steady
7-day gain +0
Ratings / day 0.0
30-day gain +0
US rating-count history
0 ratings
0 Aug 19, 2026 · 0 ratings Aug 19, 2026

Baseline captured. Growth appears after the crawler observes a changed rating count.

Momentum comes from crawler snapshots for the tracked storefront. “Viral growth signal” means unusually fast recent rating gains; it is an indicator, not download data.

Price tracking

Price intelligence

1 captured event
Current Free
Historical low Free
Paid → free
Price history
Current Free
Free Aug 19, 2026 · Free Aug 19, 2026

First snapshot captured. The trend line starts after the next crawler price observation.

  1. First observed Aug 19, 2026 · 10:01 AM Free

Screenshots

Gurhan Radiosy iPhone screenshotGurhan Radiosy iPhone screenshotGurhan Radiosy iPhone screenshotGurhan Radiosy iPhone screenshotGurhan Radiosy iPhone screenshotGurhan Radiosy iPhone screenshot